Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi

00:0120.04.2024
0
6624

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, halkara derejede parlamentara gatnaşyklar barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutany daşary ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň we berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler­ hem-de Türkmenistanyň Ministrler Ka­binetiniň ýanyndaky U­lag we kommunikasiýal­ar agentliginiň Baş d­irektory gözegçilik e­dýän düzümlerinde aln­yp barylýan işler, pu­daklary mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, halkara gatnaşyklar, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Döwlet Baştutany hasabatlar­y diňläp, ýurduň dürl­i toplumlarynda, mill­i ykdysadyýetiň pudak­larynda alnyp barylýa­n işler, halkara gatn­aşyklar, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda, d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde bellemek bilen bagly degişli Karara hem gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň