Soňky habarlar

Arhiw

«AGG lighting» dükany lýustralaryň täze kolleksiýasyny hödürleýär

13:0020.04.2024
0
16589

Aşgabatdaky «AGG lighting» dükany islendik interýere özboluşly bezeg berip biljek owadan lýustralaryň täze kolleksiýasyny hödürleýär.

«Müşderilerimize klassika, modern, haýtek ýa-da başga bir stilistiki ugur bolsun, islendik hili interýeriň bezeginiň üstüni sazlaşykly ýetirip biljek lýustralaryň giň kolleksiýasyny hödürlemekden hemişe hoşaldyrys» diýip, dükanyň wekili pikirini paýlaşýar.

«AGG lighting» hemişe häzirki zaman tendensiýalaryna yzygiderli eýermek bilen, diňe ýokary hilli materiallary we ösen tehnologiýalary ulanýan ynamdar öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu diňe bir lýustralaryň täsin daş görnüşini däl-de, eýsem olaryň berkligini we ygtybarlylygyny hem kepillendirýär.

«AGG lighting» dükanynyň esasy maksady müşderilerine amatly yşyklandyryş çözgütlerini ýetirmekden ybarat. Dükanyň önümleriniň hemmesi gurşawlary göwnejaý yşyklandyrmaga, islegleri ýokary derejede kanagatlandyrmaga hem-de az energiýa sarp etmäge niýetlenendir. Bu bolsa öz gezeginde islendik gurşawda amatly we oňaýly atmosferany döretmäge mümkinçilik berýär.

«AGG lighting» dükanynyň assortimentinden müşderiler islendik ýer üçin niýetlenen lýustralary saýlap alyp bilerler:

  • potolok üçin: nusgawy lýustralar, döwrebap spotlar, asma çyralar we beýlekiler;
  • diwarlyk: bra, torşerler, suratlar we aýnalar üçin yşyklandyryş çyralary.
  • pol çyralary: torşerler, durýan lampa çyralary, gülçyralar;
  • stol üçin: iş stoly üçin çyralar, ýatakhana çyralary, bezeg çyralary;
  • gurnama: paneller, mebel üçin yşyklandyryş enjamlary;
  • nokat görnüşli: goşmaça aksent yşyklandyryşyny döretmek üçin çyralar;
  • daşarky çyralar: fasadlary, terrasalary, bag ýodalaryny yşyklandyrmak üçin çyralar.

Näme üçin «AGG lighting» dükanyndan söwda edeniňe degýär?

«AGG lighting» müşderilerine harytlary Aşgabadyň islendik ýerine eltip bermek we gurnamak hyzmatyny tölegsiz ýetirýär. Bu babatda siz wagtyňyzy we puluňyzy sarp edip lýustrany daşamak, gurnamak barada alada etmeli bolmaýarsyňyz. «AGG lighting» dükanynyň ussat gurnaýjy hünärmenleri onuň kadaly işlemegini we howpsuzlygyny kepillendirip, seresap hem-de takyk gurnap bererler.

Lýustra söwdasyndan başga-da, «AGG lighting» dükany haryt nyşanyna garamazdan islendik yşyklandyryş enjamyny ýokary derejede abatlamak hyzmatlaryny hem hödürleýär. «AGG lighting-iň» hünärmenleri näsazlyklary anyklaýarlar we düzedýärler, yşyklandyryş enjamlarynyň ulanylyş möhletini uzaltmak üçin öňüni alyş hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler.

«AGG lighting» dükanyna baryp, aýdyňlygyň we gözelligiň dünýäsine çuňňur aralaşyň!

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Peýkam» binasy;
  • telefon belgileri: (+993 61) 60 06 22, (+993 61) 60 06 23;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň