«NG Kütahya» dükany duş kabinalaryny hödürleýär

10:3801.05.2024
0
10024

Aşgabatda ýerleşýän «NG Kütahya» dükany öňdebaryjy türk öndürijileriniň köpdürli görnüşli duş kabinalaryny hödürleýär. Dükanyň harytlarynyň hatarynda dürli wannalar üçin iň amatly görnüşi saýlap almaga mümkinçilik berýän dürli ululykdaky, stildäki hem-de bahalardaky nusgalar bar.

«NG Kütahya» dükanynda alyjylara ýetirilýän duş kabinalary ýokary hilli materiallardan ýasalýar. Şonuň esasynda hem olar dürli urgulara we çyzylmalara çydamly bolýar, ygtybarly alýumin profil bolsa gurluşyň durnuklylygyny üpjün edýär. Mundan başga-da, ýokary hilli furnitura çydamlylygy we bökdençsiz işlemegi kepillendirýär.

Dükandan şeýle hem poddonlar, şlanglar, leýklar we ş.m. ýaly duş kabinalary üçin niýetlenen esbaplary satyn almak bolýar.

«NG Kütahya» dükanynda hammam, aşhana, hajathana, şeýle-de sauna we basseýn gurnamak üçin hem önümleriň hödürleýändigini ýatladýarys.

Dükanyň assortimenti bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy;

Telefon: 611 611. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň