Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» Türkmenistanda dürli göwrümli ýükleri ugradýar we kabul edýär

12:0919.04.2024
0
10080

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ähli ýerlerine ýükleri ugratmak we kabul etmek mümkinçiligi barada ýatladýar. Müşderiler diňe ýurduň ähli sebitinde we demir ýol menzillerinde ýerleşýän ýük bölümçelerine barmak bilen çäklenmän, eýsem ugratjak ýüküni alyp gitmek üçin çapary öz ýaşaýan salgylaryna hem çagyryp bilerler.

«Türkmenpoçta» öz müşderilerine ýurduň çägindäki ähli demir ýol ugurlary boýunça islendik göwrümdäki we agramdaky ýükleridir ýollamalary eltip bermegiň amatly hem-de ygtybarly usulyny hödürleýär.

Sargydy resmileşdirmek işi mümkin boldugyndan ýönekeý we awtomatlaşdyrylan görnüşdedir. Ýükler ýörite «akylly» terezide ölçelýär, operator bolsa barmaly ýeri görkezýär. Kompýuter her kilogram üçin nyrhy awtomatiki hasaplaýar, ähli maglumatlar bolsa şolbada «Türkmenpoçtanyň» bitewi sanly ulgamyna girýär.

Bu hyzmat şulary üpjün edýär:

  • ähli iberişleriň ygtybarly hasabaty;
  • ýüküň howpsuzlygy;
  • tölegleriň aýdyňlygy;
  • çalt sargyt etmek.

Türkmenistanyň çägi boýunça ýük wagonlarynyň gündelik işleýändigi netijesinde, ýükler mümkin boldugyndan kabul edijä tiz wagtda eltiler.

Ýükleri hasaba almakda iberiji pasportyny we habarlaşmak üçin telefon belgisini görkezmelidir. Kabul ediji bolsa pasportyny görkezmeli. Ýük bölümleriniň işgärleri kabul edijä diňe ýüküň gelendigi barada habar bermän, goşmaça töleg esasynda görkezilen salga eltip berip hem bilerler.

Has giňişleýin maglumat almak üçin (+993 12) 94 20 34 telefon belgisine, ýa bolmasa-da 075 gysga belgä jaň edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň