Ýewropa gar ýagdy

11:2619.04.2024
0
7293
Ýewropa gar ýagdy
Surat: ria.ru

Merkezi Ýewropa we Balkanlara gar ýagdy. Öňýany bu sebitleriň ýaşaýjylary baharda görlüp-eşidilmedik yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldy, howanyň derejesi 30 gradusa deň boldy. Bu barada «Еuronews» habarlar gullugyna salgylanýan «Inform.kz» ýazýar.

Ýewropada howa geň galdyrýar, hepdäniň sişenbe gününden bäri Awstriýanyň käbir etraplarynda gar ýagýar, emma geçen dynç alyş günleri ol ýerlerde howa 30 gradusdan hem ýokary derejede maýyldy. Gar düşmegi bilen bagly ýollarda hereket kynlaşdy. Ýol-ulag hadysalary-da bar. Gyssagly gulluklar agaçlar gara tap getirip bilmän, ýollara we elektrik geçirijileriniň üstüne ýykylar öýdüp ätiýaçlanýarlar.

Ýagyş gatyşykly gar Horwatiýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersogowinýa hem düşdi. Ýaşaýjylar güllän miweli baglary sowuk urar öýdüp aladalanýarlar.

Klimatologlar şeýle howa gapma-garşylyklarynyň sebäbiniň ählumumy maýlamadygyny aýdýarlar. Ýerli ýaşaýjylar indi şeýle howa çalşygyna öwrenişmekden başga çäre ýokdugyny belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň