Soňky habarlar

Arhiw

Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler

10:1819.04.2024
0
6014
Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler
Surat: report.az

Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Emomali Rahmon hem-de Şawkat Mirziýoýew Duşanbe şäherinde resminamalaryň toplumyna, şol sanda Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada täjik habar beriş serişdelerine salgylanýan «Report.az» habar berdi.

Prezidentler gol çekilen resminamalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esasyny berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Iki ýurduň Liderleri dürli ugurlarda, şol sanda söwda, ulag, energetika we oba hojalygy ugurlarynda gatnaşyklary berkitmek barada pikir alyşdylar.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew döwlet sapary bilen Täjigistana bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň