«Kyodo»: Ýaponiýa Gazagystanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sammit geçirmekçi

09:3418.04.2024
0
7897

Ýaponiýanyň Hökümeti öňdäki tomusda Merkezi Aiýanyň bäş ýurdy: Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan bilen sammit geçirmekçi. Bu barada ýurduň «Kyodo» habarlar gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Häzirki wagtda sammiti awgustda Gazagystanda guramagyň üstünde işlenilýär. Onuň anyk möhleti gijräk kesgitlener. Ýaponiýadan duşuşyga Premýer-ministr Fumio Kisida gatnaşar. Taraplar ilkinji nobatda ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar diýlip garaşylýar.

Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklary 2004-nji ýyldan bäri geçirip gelýär. Bu ýyl formata 20 ýyl dolýar, şonuň üçin ony sammit derejesinde geçirmek isleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň