Prezident «Türkmennebit» döwlet konsernini turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldady

06:0830.03.2024
0
10269

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan enjamlar, şol sanda nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde, düýpli abatlamakda ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň düzümleri tarapyndan ýerine ýetirilýän, şu ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň möhüm wezipedigini belledi.

Döwlet Baştutany «Türkmennebit» döwlet konsernini nebitgaz guýularyny burawlamak, özleşdirmek hem-de düýpli abatlamak işlerinde ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň