Soňky habarlar

Arhiw

«Dragon Oil» we «Türkmennebit» tarapyndan zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça maslahat geçirildi

12:1430.04.2024
0
11972

Türkmenistanda nebitgaz pudagynda iş alyp barýan daşary ýurtly we türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Bütindünýä zähmeti goramak güni bellenildi.

Iki gün dowam eden maslahatda zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu çäre «Türkmennebit» DK-niň goldaw bermeginde «Dragon Oil» kompaniýasy tarapyndan guraldy diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti ýazýar.

Çärä gatnaşyjylaryň arasynda önümçilik, logistika, uglewodorod serişdelerini daşamak, şeýle-de hojalyk hyzmatlary we naharhana ulgamynda işleýän meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri bar.

Foruma «Dragon Oil», «Caspian Driller», «Odjfell», «ILK Construction», «Söwda Gurluşyk Maslahat», «Inžener Çözgütleri», «NCG Services Ltd. », «Schlumberger», «Baker Hughes», «Bue Marine», «Arassa Dеňiz» ýaly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň açylyşynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Aljarwan we «Türkmennebit» DK-niň başlygy Guwanç Agajanow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşky gurşawyň howpsuzlygy we zähmeti goramak meselelerine iň ýokary talaplar bilen çemeleşýär. Özboluşly ekosistemasy bolan Hazar deňzi hemişe aýratyn ünsi talap edýär. «Dragon Oil» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde Türkmenistanyň iň uly hyzmatdaşlaryndan biridir. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýanyň wekili amallaryň ýerine ýetiriliş howpsuzlygyny üpjün etmegiň we daşky gurşawy goramagyň öz işleriniň esasy ugurlarydygyny, şeýle-de desgalarda ähli işleri halkara ülňülerine laýyklykda meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek ulgamynyň ornaşdyrylandygyny belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň