Özbegistanda 100-den gowrak bina bezegleri medeni miras diýlip yglan edildi

12:1728.03.2024
0
10923
Özbegistanda 100-den gowrak bina bezegleri medeni miras diýlip yglan edildi
Surat: daryo.uz

Ministrler Kabinetiniň kararyna laýyklykda, Özbegistanda 157 töweregi mozaika pannolary monumental sungatyň ýadygärlikleri diýlip yglan edildi hem-de maddy medeni mirasyň gozgalmaýan obýektleriniň sanawyna girizildi. Bu barada «Daryo.uz» saýty habar berýär.

Olar döwlet kadastryna giriziler we ol binalardaky hem-de ýanaşyk ýerlerdäki islendik iş görnüşini Medeni miras agentligi bilen ylalaşmaly bolar.

Sanawa Daşkent, Nöküs, Ürgenç, Hywa, Samarkant, Namangan, Andyjan, Jyzak, Kokant, Angren, Gülüstan şäherlerindäki we birnaçe etraplardaky binalarda ýerleşýän mozaika bezegleri girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň