Halkara energetika agentligi Türkmenistan bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkider

13:0207.03.2024
0
17905
Halkara energetika agentligi Türkmenistan bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkider
Surat: newscentralasia.net

6-njy martda Pariž şäherinde ýerleşýän Halkara energetika agentliginiň (HEA) baş edarasynda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew HEA-nyň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen duşuşdy.

Duşuşygyň esasy mowzugy, Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şeýle hem 24-25-nji aprelde Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynyň (TEIF 2024) geçirilmegi barada boldy-diýip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Agzalan forumyň işine dünýä energetika pudagynyň esasy wekilleri, şol sanda öňdebaryjy energetika, gurluşyk we ulag-aragatnaşyk kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we iri maliýe institutlarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäre Türkmenistanyň dünýä energetika pudagyndaky strategik ornuny we ýurduň esasy ykdysady pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge bolan mümkinçilikleri açyp görkezer.

Ilçi Çaryýew HEA-nyň ýolbaşçysyna duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirdi we F.Birola foruma gatnaşmagy üçin türkmen tarapynyň resmi çakylygyny gowşurdy. Diplomat HEA-nyň ýokary derejeli foruma gatnaşmagynyň Türkmenistanyň energetika pudagyndaky başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldanylýandygyna şaýatlyk etjekdigini nygtady.

F.Birol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak baradaky başlangyjyna, şeýle hem COP-28-de yglan edilen beýleki halkara ekologik başlangyçlaryna HEA-nyň ýokary baha berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Parižde gyzyklanma bildirilýän taraplar, halkara donorlar we hyzmatdaşlar bilen bilelikde geljekki meýilnamalary maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtap, HEA tarapyndan Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli taslamalaryny durmuşa geçirmekde uly goldawyň boljakdygyny beýan etdi.

Mundan başga-da duşuşykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynyň ösüşine, energiýa netijeliligiň artmagyna hem-de metan zyňyndylarynyň azaldylmagynyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmekdäki we sebitiň energetika garaşsyzlygyny güýçlendirmekdäki ornuna aýratyn üns berildi.

Bu duşuşyk Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilik boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň