Aşgabatda TOPH taslamasyna bagyşlanan türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

23:4829.02.2024
0
10623
Aşgabatda TOPH taslamasyna bagyşlanan türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Surat: mfa.gov.af

Aşgabatda saparda bolýan Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu gün wise-premýer B.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdiler.

Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda nebit we gaz ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda TOPH taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Amir Han Muttaki owgan wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyryşýan saparynyň dowamynda geçirilýän gepleşikleriň örän netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belledi. Gazanylýan ylalaşyklaryň bolsa TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini işjeňleşdirýändigini öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň 2023-nji ýylda Hyrata amala aşyran saparynyň dowamynda TOPH taslamasy boýunça zerur ylalaşyklaryň baglaşylandygyny belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, owgan tarapy bu energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ygrarly bolmak bilen, turbageçirijisiniň Hyrat şäherine çenli çekilmegi bilen bagly amaly işleriň birinji tapgyryna ýakyn wagtda girişiljekdigini habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow öz gezeginde energiýe üpjünçiliginiň, aýratyn-da, TOPH gazgeçirijisiniň Türkmenistan üçin eseasy ileri tutulýan taslamadygyny belledi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi owgan tarapyndan, ilkinji nobatda, Hyrat welaýatynyň ilaty üçin örän bähbitli bolar.

Owganystanyň TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin görýän tagallasyna minnetdarlyk bildirip, wise-premýer B.Amanow, ikitaraplaýyn gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, gazgeçiriji bilen bagly gurluşyk işleriniň ýakyn wagtda owgan tarapyndan başlanmagyna umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň