Türkmenistan we BAE gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

15:2628.02.2024
0
20739
Türkmenistan we BAE gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Surat: tca.gov.tm

Abu-Dabiniň «ADNOC» milli nebit kompaniýasynyň pes uglerodly çözgütler we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi Türkmenistana geldi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda beýan edilmegine görä, myhman gaz pudagynda gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri bilen duşuşdy.

Musabbeh Al Kaabi «ADNOC» kompaniýasynyň energiýanyň täze görnüşlerine we az uglerodly çözgütlere maýa goýumlaryň dolandyrylyşyna, şeýle hem halkara ösüş, tehnologiýalary kämilleşdirmek we durnukly ösüş strategiýalaryna jogapkärdir. Al Kaabi häzirki wagtda «Mubadala Energy» we «Yahsat» kompaniýalarynyň direktorlar geňeşiniň başlygydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň