Hytaý inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy işe çagyrýar

13:3907.02.2024
0
110646

Hytaý milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky Çuansin jogapkärçiligi çäklendirilen buraw inženerçilik kompaniýasynyň şahamçasy Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky burawlaýyş obýektlerinde işlemek üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan etdi. Bu bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edildi.

Kompaniýa rusçadan-hytaýça we hytaýçadan-rusça terjime etmegi başarýan 4 sany terjimeçini, zähmet goraglylygy we tehniki howpsuzlyk işleri üçin 4 sany inženeri, şeýle hem buraw enjamlaryna hyzmat etmek üçin 2 sany kesijini, 2 sany dizel mehanigini, 2 sany mehanigi hem-de 2 sany elektrik hünärmenini işe kabul edýär.

Dalaşgärlerden işiň görnüşine baglylykda, 3 ýyldan 5 ýyla çenli degişli bilim we iş tejribesi talap edilýär. Terjimeçiler we inženerler rus, türkmen, hytaý hem-de iňlis dillerinde ýeterlik derejede geplemegi başarmalydyrlar.

Iş gönüden-göni ýerlerde ýaşamak bilen, wahta tertibini göz öňünde tutýar.

Boş iş orunlary üçin arzalar we rezýumeler şu elektron poçta salgysy arkaly kabul edilýär: agasalimshamradov@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň