Daşoguz welaýatynda telefon nokatlarynyň 9 müňden gowragy ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirildi

12:4006.02.2024
0
27548
Daşoguz welaýatynda telefon nokatlarynyň 9 müňden gowragy ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirildi
Surat: gov.tm

«Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan welaýatyň ähli ýerinde ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly aragatnaşyk beketleri oturdyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Häzirki wagtda iň çetki obalaryň ilaty hem sanly aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar diýlip, habarda bellenilýär.

Geçen ýyl welaýatda meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 6 müň sany telefon nokadyna derek 6 müň 377 sany telefon nokady gurnaldy. Welaýatyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň hatarynyň artýandygyna görä, ilatyň öýlerine çekilýän hem-de internet ulgamyna birikdirilýän telefon nokatlaryna bolan isleg barha artýar.

Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň dowamynda welaýat boýunça telefon nokatlarynyň 6 müň 820-siniň deregine 9 müň 134-si ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirildi. Elektrik aragatnaşyk kärhanasynda geçen ýylda telefon nokatlarynyň 46 müňe golaýy birikdirilen 135 sany sanly awtomatik telefon beketleri oturdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň