Aşgabatda «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi

08:0006.02.2024
0
26786
Aşgabatda «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi
Surat: turkmenistaninfo.gov.tm

Şu gün --- 5-nji fewralda Aşgabatda «Türkmennebit» döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagynyň ähmiýeti dogrusynda hem bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň başynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ähmiýeti barada hem duşuşygyň dowamynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şol saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesi babatda pikir alşyldy. Şol duşuşygyň ahyrynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy bolupdy. Bu resminama Türkmenistan bilen hyzmatdaş kompaniýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň has-da berkidilýändigiň subutnamasyna öwrüldi.

Aşgabatda «Dragon Oil» kompaniýasynyň wekiliýet agzalary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň energiýa bazarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygyny nygtadylar. Şeýle hem bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine barha artýan islegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalara seretmäge taýýardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bar bolan özara gyzyklanmanyň nebitgaz ulgamynda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň