110 ýyllyk elektrik stansiýasy 400 kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürýär

12:0005.02.2024
0
21158

Türkmenistanda elektrik toguny öndürýän ilkinji beket «Hindiguş» suw elektrik stansiýasydyr. Murgap derýasynyň boýunda ýerleşýän bu elektrik stansiýasynyň işe girizilenine 110 ýyl bolan-da bolsa, ol özüniň asyl durkuny ýitirmän, şol bir önümçilik kuwwatlylygyny saklap gelýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, desganyň önümçilik kuwwatlylygyny saklamakda, içiniň, daşynyň, töwereginiň arassaçylygyny, abadançylygyny üpjün etmekde bu ýerde 40 ýyldan hem gowrak wagt bäri zähmet çekip gelýän tejribeli, halypa hünärmenler, ussalar özleriniň göreldeli hyzmatlary bilen köplere nusga bolýarlar. Olar bu suw elektrik stansiýasynyň turbina zalyndaky enjamlaryň (agregatlaryň), turbinalaryň saz we bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler.

«Hindiguş» suw elektrik stansiýasy işe girizilenindäki önümçilik kuwwatlylygyny saklap, häzir hem 400 kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürýär.
Suw elektrik stansiýasynyň taryhy we onuň önümçiligi, iş ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşmak üçin welaýatyň dürli künjeginden mekdep okuwçylarydyr talyplar we syýahatçylar bekede ýygy-ýygydan barýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň