Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik kömegi Gyrgyzystanda kabul edildi

16:0105.02.2024
0
43289
Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik kömegi Gyrgyzystanda kabul edildi
Surat: mfa.gov.kg

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 3-nji fewralda Türkmenistandan 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna ugradyldy.

Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, şu gün irden ýükli otly kerweni Şopokow şäheriniň demir ýol menzilinde garşylandy. Dabara Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Göliýew, Gyrgyzystanyň Energetika ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, «Gyrgyztransneftegaz» döwlet kärhanasynyň, «NK Kyrgyz temir žolu» edarasynyň döwlet wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň