Şu gün Balkan welaýatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berdi.
Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran dabarasy Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
Çäräniň dowamynda şowhunly konsert maksatnamasy boldy. Welaýatyň sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde häzirki zaman aýdymlary ýaňlandy, folklor we tans toparlary bolsa täsirli çykyşlaryny hödürlediler.
Meşhur bagşylar, ajaýyp aýdymçylar, sungat muşdaklary, talyp ýaşlar, şeýle hem Balkan welaýatynyň ähli künjeklerinden gelen birleşen döredijilik toparlary tarapyndan edebi-sazly kompozisiýalar taýýarlanyldy.
Şeýle baýramçylyk dabaralarynyň biri hem Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň «Naýbaşy» toý dabaralar mekanynda geçirildi. «Bitaraplyk — şöhratymyz-şanymyz» diýen at bilen guralan dabara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, edaralardyr kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna bagyşlanyp guralýan dürli dabaralardyr çäreler günbatar sebitiň beýleki etrap-şäherlerinde hem guramaçylykly dowam edýär diýlip, habarda bellenilýär.
