Turkmenportal logo
26.03.26
813813
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Görüşiň peselmegine näme sebäp bolýar?

Göz ynsan bedeniniň iň bir näzik bölegi bolansoň, ony hemişe aýratyn üns-alada bilen aýap gezmeli bolýarys. Ol biziň daşky dünýäni duýmagymyz üçinem iň bir täsirli ähmiýete eýedir. Adam gözi bolmasa ýoluny neneňsi saýgarardy? Nädip okap, öwrenip, işläp bilerdi? Göz bize bütin barlygyň ajaýyplyklaryndan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Emma gözlerimiziň aýawly saklanmazlygy, ýa bolmasa-da oňa zyýanly täsir edýän endikleriň bilmezden edilmegi görüşimiziň peselmegine getirip bilýär. Bu birbada däl-de, kem-kemden bolup geçýän ýagdaý bolansoň, adam gözleriniň kütelenini köplenç duýmanam galýar. Görüşimiziň peselmegine, göz kesellerine getirip bilýän ýagdaýlar, şeýle hem olaryň öňüni almagyň usullary barada bilmek bolsa her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek?!

Biziň alýan maglumatlarymyzyň agramly bölegi hut görüş arkaly kabul edilýär. Şonuň üçin görüşiň peselmegi diňe bir saglyk ýagdaýy bilen bagly mesele bolman, eýsem, adamyň durmuş derejesine, has anygy iş öndürijiligine, bilim almagyna we gündelik işlerine hem uly täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda kompýuterleriň, smartfonlaryň, planşetleriň has giňden ulanylmagy bilen, görüşiň peselmeginden ejir çekýänleriň sany ýylyň-ýylyna artýar.

Görüşiň peselmegi näme?

Görüşiň peselmegi — adamyň öňki ýaly gowy, dury görüp bilmezligi, oňa uzakdaky ýa-da ýakyndaky zatlaryň bulaşyk görünmegi, gözleriň çalt ýadamagy, ýagtylyga duýgurlygyň artmagy ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar. Bu ýagdaý wagtlaýyn hem bolup biler, uzak möhletli hem dowam edip biler. Wagtlaýyn bolan ýagdaýy köpimizde uzak wagtlap ýagtylyga syn edip bolanymyzdan soň ýüze çykandyr. Käbir ýagdaýlarda bolsa görüşiň peselmegi çynlakaý keselleriň ilkinji alamaty bolup bilýär.

Görüşiň peselmeginiň esasy sebäpleri:

1. Refraksiýa bozulmalary

Refraksiýa bozulmalary — gözüň ýagtylygy dogry döwüp bilmezligi bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýagdaýlardyr. Bu görüşiň peselmeginde iň köp duş gelýän sebäpleriň biridir.

Miopiýa (uzakdaky zatlary gowy görmezlik) — munda uzakdaky zatlar bulaşyk görünýär.

Gipermetropiýa (köplenç golaýdaky zatlary gowy görüp bilmezlik) — görüşiň bozulmagynyň bu görnüşinde ýakyndaky zatlar dury görünmeýär.

Astigmatizm — zatlaryň şekiliniň ýoýulyp, bulaşyk görünmegi.

Presbiopiýa — bu ýaşyň gidişmegi bilen, ýakyny görmek ukybynyň peselmegi (40-45 ýaşly adamlarda ýüze çykyp başlaýar).

Ýeri gelende bellesek, bu agzalan ýagdaýlar köplenç äýnek, kontakt linzalary ýa-da lazer operasiýasy arkaly düzedip bolýan müşgilliklerdir.

2. Uzak wagtlap ekrana seretmek

Kompýuter, smartfon ýa-da telewizor ýaly ýagtylygy ýiti bolan şöhleli enjamlara uzak wagtlap güýmenmek gözlere örän agram salýar. Bu ýagdaý:

- gözüň guramagyna;

- gyzarmagyna;

- ýadawlygyň artmagyna;

- kellagyra sebäp bolýar.

3. Göz keselleri

Käbir keseller görüşiň peselmegine gönüden-göni täsir edýär. Bu keselleriň görnüşine we alamatlaryna görä, olary näçe ir anyklap ýüze çykaryp bolsa, şonça-da olaryň öňüni almak mümkindir.

- Katarakta – gözüň linzasynyň bulanmagy;

- Glaukoma – gözüň içindäki basyşyň ýokarlanmagy;

- Makula degenerasiýasy – tor gözüň merkeziniň zeperlenmegi;

- Diabetik retinopatiýa – süýji keseli bilen bagly ýüze çykýan zeperlenmeler we beýleki käbir keseller.

4. Ýaşyň gitdigiçe ýüze çykyp bilýän üýtgeşmeler

Adamyň ýaşynyň gitdigiçe gözüň dokumalary hem özgermek bilen bolýar. Linzanyň täsiri peselýär, ýagtylyga uýgunlaşmak haýallaşyp ugraýar. Netijede bolsa adam ýakynda duran zatlary dury görnüşde görmän başlaýar, şeýle hem ýagty ýere çykanda şöhläniň täsirleri gözlere ýaramaz, agyryly, ýaşardyjy täsir edýär.

5. Näsaglyklar we ýokanç keseller

Käbir ýokanç keseller, şeýle hem beden boýunça dowam edýän näsaglyklar (gan basyşynyň ýokarlanmagy, süýji keseli, böwrek keselleri) hem görüşe ýaramaz täsir edip biler.

6. Dogry iýmitlenmezlik

Gözüň görüşini kadaly, oňat ýagdaýda saklamak üçin iýmitlenmäge örän uly üns bermelidir. Munuň üçin göze oňyn täsir edýän witaminleri düzüminde saklaýan iýmitleri iýmek zerurdyr. Bu diňe bir görüşi peselen ýa göz kesellerine ýolugan adamlar üçin berilýän maslahat däl-de, eýsem, hemmeler üçinem peýdalydyr. Mysal üçin, görüşiň kadalylygy üçin — A witamin, C witamin, E witamin, sink, omega-3 ýag kislotalary örän möhümdir. Bu maddalaryň ýetmezçiligi bolsa şu ýagdaýlara getirip bilýär:

- gözüň çalt ýadamagyna;

- guramagyna;

- görüşiň kem-kemden peselmegi.

Görüşiň peselmeginiň alamatlary

- Zatlaryň bulaşyk görünmegi;

- Gözleriň çalt ýadamagy;

- Baş agyrylary;

- Gözde agyry ýa-da ýanma;

- Ýagtylyga duýgurlygyň artmagy

Eger görüşiňizde şu hili alamatlar ýüze çykan halatynda, haýal etmän göz lukmanyna ýüz tutmak maslahat berilýär.

Öňüni alyş çäreleri

- Ekrana seredip işleýän wagtyňyz her 20 minutdan gözleriňize 20 sekuntlap dynç bermek;

- Yşyklandyryşy dogry, talabalaýyk gurşawda işlemek;

- Gözleriň ýadamazlygy üçin niýetlenen ýörite maşklary ýerine ýetirmek;

- Sagdyn iýmitlenmek

- Yzygiderli lukmançylyk barlagyndan geçmek.

Gözlerde ýüze çykyp bilýän görüşiň peselmegi, agyrmagy, gyzarmagy we beýleki ýagdaýlarda diňe göz lukmanynyň maslahat bermegi netijesinde bejergi almalydyr. Onsoňam, bejergi görüşiň peselmeginiň sebäbine baglydyr. Käbir ýagdaýlarda äýnek dakynmak ýa-da linza ulanmak ýeterlik bolýan bolsa, käbir ýagdaýlarda derman bilen bejergi almak ýa-da hirurgiki çäreler zerur bolup biler.

Görüşiň peselmegi barada dünýä statistikasyndan käbir faktlar:

- Dünýäde ortaça 2,2 milliard adam ýakyn we uzak aralykdan dury görüp bilmezlikden ejir çekýär. Olaryň 1 milliard töwereginiň görüş bozulmasynyň öňüni alyp bolýar ýa-da bejergi bilen düzedip bolýar;

- Dünýäde görüşiň bozulmalarynyň we körlügiň esasy sebäpleri — refraksiýa we katarakta bozulmalarydyr;

- Refraksiýa bozulmalary sebäpli uzak aralykdan görüp bilmeýän adamlaryň diňe takmynan 36 %-i we katarakta sebäpli görüş bozulmalary bolanlaryň bolsa diňe 17 %-i degişli bejergileri alyp bilýändir;

- Görüş bozulmalary maliýe taýdan hem örän uly çykdajylydyr: ol sebäpli her ýylda dünýäde zähmet öndürijiliginiň ýitgisi 411 milliard amerikan dollaryna deň diýlip çaklanylýar;

- Görüş bozulmalary islendik ýaşda ýüze çykyp bilýär, ýöne görüş bozulmalaryndan we körlükden ejir çekýän adamlaryň köpüsi 50 ýaşdan ýokary adamlardyr.

Bellik: Bu makala diňe esasy düşünjeleri paýlaşmak, käbir zyýan ýetirmejek maslahatlary bermek maksady bilen taýýarlanyldy. Görüşiň peselmegi ýa-da göz bilen bagly beýleki agyrylardyr keseller ýüze çykan ýagdaýynda hökmany suratda göz lukmanyna ýüz tutmalydyr.

Peýdalanylan çeşmeler: who.int (World Healt Organization); medsi-premium.ru; glazoskar.ru; smclinic.ru