Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabunyň arasynda duşuşyk geçirildi
Daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini, şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.
Ýokary hem-de iň ýokary derejedäki dialogyň döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtaldy. Şeýle hem taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň hem-de «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
26-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabunyň arasynda duşuşyk geçirildi. bu barada Mejlis habar berýär.
Mejlisiň ýolbaşçysyiIlçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşlikde taraplar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde parlamentara hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini bellediler.
