Rim şäheriniň merkezinde orta asyrlara degişli Konti diňi bölekleýin ýykyldy. Netijede, binanyň abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan dört işçi ejir çekdi. Olaryň biri agyr şikes bilen hassahana eltildi.
Imperator forumlary şaýoluna golaý meýdançany polisiýanyň we ýangyn söndüriş gullugynyň işgärleri gabawa aldylar. Pyýadalar üçin hereket saklandy. Bir ýarym sagatdan soňra diňiň ýene bir bölegi bölünip ýere gaçdy. Daşlaryň ýere gaçmagyndan dörän tozan sebäpli hukuk goraýjylar gabawyň çägini giňeltmäge mejbur boldular. Wakanyň bolan ýerine lukmanlar bardy.
Bu barada «MIR 24» habar berdi.
