ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň «The New York Times» gazetini töhmet atmakda aýyplap, kazyýete ýüz tutdy, bu barada amerikan Prezidentiniň «Truth Social» torunda çap eden habaryna salgylanýan TASS ýazýar.
Amerikan lideriniň ýazmagyna görä, «özüne töhmet atandygy sebäpli çepçiradikal Demokratik partiýanyň wagyzçysy hem-de ýurduň taryhynda iň ýaramaz gazet hasaplaýan The New York Times neşiriniň garşysyna kazyýete arza bermek onuň üçin örän mertebedir». Tramp özüne ýetirilen ahlak zyýany üçin 15 mlrd dollar öweztölegini talap edýär.
Ak Tamyň başlygy neşiri 2024-nji ýyldaky saýlawlarda garşydaşy Kamala Harrisi aç-açan goldamakda, şeýle hem öz adyna, maşgala agzalaryna hem-de golaý adamlaryna myjabat atmakda aýyplaýar.
