Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi ýurduň wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça işleriniň esasy binýadyna öwrüljek telekommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF-2026) çykyş eden Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew aýtdy.
Aragatnaşyk ministriniň orunbasarynyň sözlerine görä, blokçeýn tehnologiýalary we wirtual aktiwler ýaly maliýe gurallaryny ornaşdyrmagyň esasy binýady ýokary öndürijilikli, ygtybarly we howpsuz telekommunikasiýa infrastrukturasydyr. Ol Türkmenistanda «Wirtual aktiwler hakynda» Kanunyň kabul edilendigini we wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek hem-de maýning tehnologiýasyny 2026–2030-njy ýyllarda ornaşdyrmak boýunça «Ýol kartasynyň» tassyklanandygyny ýatlatdy.
Berdyýew bu ugurdaky döwlet syýasatynyň birnäçe edaranyň arasynda paýlanandygyny düşündirdi. Merkezi bank maliýe bazaryny düzgünleşdirýär we kripto biržalaryna ygtyýarnama berýär, Energetika ministrligi senagat derejesindäki maýning üçin nyrh we energetika syýasatyny kesgitleýär, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bolsa maliýe monitoringini üpjün edýär.
Onuň sözlerine görä, Aragatnaşyk ministrliginiň jogapkärçilik çägine üç esasy ugur girýär: maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleri, maýning pullaryny we wirtual aktiwleri alyş-çalyş etmek boýunça ygtyýarly operatorlary ýokary tizlikli aragatnaşyk kanallary bilen üpjün etmek; maliýe torlarynyň möhüm maglumat infrastrukturasyny kiber howplardan we DDoS hüjümlerinden goramagy öz içine alýan maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek; şeýle hem maglumat howpsuzlygynyň we maglumatlaryň özygtyýarlylygynyň standartlaryny berjaý etmek bilen milli maglumat geçiriş torlaryny halkara sanly giňişlige birleşdirmek.
Aragatnaşyk ministriniň orunbasary blokçeýn tehnologiýasynyň we wirtual aktiwler bilen geçirilýän amallaryň aragatnaşygyň hiline ýokary talaplary bildirýändigini belledi. Bu ugurda iň pes gijikdirmeler, enjamlaryň bökdençsiz işlemegi we aragatnaşyk kanallarynyň ätiýaçlandyrylmagy aýratyn möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ministrlik süýüm-optiki aragatnaşyk liniýalaryny döwrebaplaşdyrýar, magistral torlaryň geçirijilik ukybyny artdyrýar we häzirki zaman marşrutlaşdyryş enjamlaryny ornaşdyrýar. «Sanly maliýe we finteh ulgamynda işleýän ýerli we halkara maýadarlaryň durnukly hem-de goragly telekommunikasiýa gurşawyna daýanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär» — diýip, ol aýtdy.
Berdyýew kiberhowpsuzlyk meselelerine hem aýratyn üns berdi. Onuň sözlerine görä, ministrlik trafigi gözegçilikde saklaýyş ulgamlaryny güýçlendirmäge, kiberjenaýatçylyga garşy göreş boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlyga we öňdebaryjy şifrleme protokollaryny ornaşdyrmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär. «Milli maglumat giňişliginiň howpsuzlygy maýadarlaryň ynamynyň we Türkmenistanyň tutuş maliýe-ykdysady ulgamynyň durnuklylygynyň kepilidir» — diýip, ol nygtady.
Aragatnaşyk ministriniň orunbasary hünärmenleri, tehnologiýa kompaniýalarynyň wekillerini we maýadarlary «Türkmentel-2026» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Ol Aragatnaşyk ministrliginiň konstruktiw dialoga, tehnologik hyzmatdaşlyga we sanly infrastrukturany ösdürmäge maýa goýumlaryny çekmäge açykdygyny belledi.
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF-2026) 1–2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýär. Oňa 50 döwletden 750-den gowrak wekil gatnaşýar. Forumda energetika we nebithimiýa, ulag geçelgeleri we Hazar sebiti, sanly ykdysadyýet we emeli aň, oba hojalygy işewürligi, syýahatçylyk, şäher infrastrukturasynyň ösüşi we suw serişdeleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.