Türkmenistanyň erkin göreş boýunça türgeni Alp Arslan Begenjow Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşyny ýeňiş bilen başlady. Ol 86 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy.
2-nji oktýabrda «Nagoya City Inae Sports Center» sport merkezinde geçirilen 1/8 final duşuşygynda 20 ýaşly türgen Hytaýyň wekili Hade Aýiduşi bilen güýç synanyşdy. Begenjow 5:1 hasabynda utuk boýunça ýeňiş gazandy.
Şeýlelikde, türkmen pälwany ýaryşyň çärýek finalyna çykdy. Bu tapgyrda onuň garşydaşy Mongoliýanyň wekili Suldhu Olonbaýar bolar.
Halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjow täze Olimpiýa tapgyrynda Türkmenistanyň erkin göreşdäki esasy umyt bildirilýän türgenleriniň biri hasaplanýar. Ol 2024-nji ýylda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň (U20) dünýä çempionatynda Türkmenistanyň bu Olimpiýa görnüşindäki ýokary derejeli ýaryşlarda gazanan ilkinji altyn medalyny eýeledi. 2025-nji ýylda Bolgariýanyň Samokow şäherinde geçirilen şeýle çempionatda bolsa çärýek finala çenli ýetdi. Golaýda Bratislawada tamamlanan 20 ýaşa çenli türgenleriň dünýä çempionatynda Begenjow 86 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.
XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabra çenli Nagoýa şäherinde geçirilýär. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 57 adam bolup, olaryň 34-si sportuň sekiz görnüşinde çykyş edýän türgenlerdir.