Turkmenportal logo
Düýn 16:49
84188418
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti GDA döwletleriniň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy

24-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Bu halkara çärä  Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň (TDMG) başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada TDMG-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda migrasiýa akymlaryna gözegçilik etmek we bikanun migrasiýa garşy göreşmek üçin häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurduň toplan oňyn tejribeleri barada nygtap geçdi.   

Duşuşygyň ahyrynda taraplar mejlisiň 2027-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň taslamasy babatda özara maslahatlaşyp, migrasiýa çygryndaky gatnaşyklary dowamly alyp barmak boýunça ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.