Turkmenportal logo
Düýn 13:52
1417814178
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen emini Kristina Bersenýowa Aziýa oýunlarynda futbol duşuşygyna eminlik etdi

Türkmen emini Kristina Bersenýowa Ýaponiýada geçirilýän «Aýti-Nagoya 2026» XX Aziýa oýunlarynyň zenanlaryň arasyndaky futbol ýaryşynyň bir duşuşygynda baş eminiň kömekçisi (AR 2) hökmünde çykyş etdi.

Ol «G» toparçanyň 3-nji tapgyrynda Özbegistanyň we Gonkongyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşyga eminler toparynyň düzüminde gatnaşdy. Oýun 21-nji sentýabrda Kariýa şäherindäki «Wave Stadium Kariya» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň baş emini Koreýa Respublikasyna wekilçilik edýän Pak Seçžin boldy.

Duşuşyk Özbegistanyň ýygyndysynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Özbegistanyň düzüminde gollary Habibullaýewa (34-nji minutda) we Şoýimowa (90+2-nji minutda) geçirdi. Gonkongyň toparynda bolsa Weý Lan 65-nji minutda tapawutlandy.