Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylda bolar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belledi diýlip,TDH habar berdi.
«Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2027-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüler. Biz bu toýa häzirden gowy taýýarlyk görmelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döredip, anyk meýilnamalar esasynda yzygiderli işleri alyp barmalydyrys» diýip, Gahryman Arkadag belledi.
Häzirki döwürde ýurduň ilkinji «akylly» şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasy amala aşyrylýar.
— Bu ugurdaky tejribämizi geljekde ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem giňden ulanarys. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, azyk, senagat önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin kärhanalar hem gurulýar — diýip, Gahryman Arkadag belledi.