Turkmenportal logo
Düýn 00:03
3173031730
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasyna gol çekdi

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryna, ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna şu Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.