Turkmenportal logo
23.09.2026
2487124871
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 28-29-njy sentýabr iş güni däl diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry iş güni däl diýip yglan edildi. Şeýle hem 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabryndaky dynç güni 29-njy sentýabra — sişenbe gününe geçirildi. Degişli Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenildi.