Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndy toparlary Samarkandda geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýärler. Iki toparyň hem öz başlangyç reýtinginden 30 — 40 basgançak ýokarda bolup, üçünji onlukda barýandygy barada TKF-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Alty tapgyrdan soň Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 206 toparyň arasynda 25-nji, zenanlar ýygyndysy bolsa 190 toparyň arasynda 26-njy orny eýeleýär. Şunlukda, ýaryşyň başlangyjynda erkekler topary bary-ýogy 65-nji, zenanlar topary bolsa 55-nji orunda ýerleşdirilipdi. Iki topar hem mümkin bolan 12 utukdan 9 utuk toplady. Dynç alyş gününden öňki iki tapgyrda olaryň hiç biri başlangyç sanawda özlerinden 27 — 46 basgançak ýokarda duran bäsdeşlerinden utulmady.

Türkmen grossmeýsterleri Meýlis Annaberdiýew (reýtingi 2384), Saparmyrat Atabaýew (reýtingi 2503) we FIDE-niň ussady Amanmuhammet Hommadow (reýtingi 2389) örän ynamly oýun görkezýärler.
Zenanlar ýygyndysy hem erkekler toparyndan yzda galmaýar: zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Jahan Rejepowa (reýtingi 2027), Mähri Agamyradowa (reýtingi 1939), zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Läle Şöhradowa (reýtingi 2147) we zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Leýla Şöhradowa (2101) güýçli oýun görkezýärler.
Mähri Agamyradowa ýygyndynyň düzüminde olimpiadanyň açyşy boldy. Onuň hasabynda 2382 oýun görkezijisi bolup, ol 5 mümkinçilikden 4,5 utuk toplady we reýtingine 100-den gowrak utuk goşdy.
«Biziň toparlarymyzyň çykyşy sensasiýa hökmünde bahalandyrylýar. Turnir tablisasyna seretsek, biziňki bilen deň başlangyç belgisi bolan toparlaryň has aşakda barýandygyny görüp bolar. Ýöne biziň ýygyndymyzdaky hiç bir oýunçy munuň bilen kanagatlanmaýar, eýsem, bu netijeleri has-da berkitmäge çalyşýar» diýip, olimpiadada zenanlar ýygyndysynyň tälimçisi, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýew belledi.

Olimpiadada Türkmenistanyň iki ýygyndysy hem «B» reýting kategoriýasynda çykyş edýär. Iki ýyl mundan öň Budapeştdäki toparlar öz taryhynda iň gowy netijäni görkezdiler: erkekler «B» kategoriýasynda, zenanlar bolsa «C» kategoriýasynda ýeňiji boldular. Samarkandda türkmen türgenleriniň öňünde duran wezipе — öz kategoriýalarynda ýene-de birinji orunlary eýeläp, üstünligi gaýtalamakdan, şeýle hem halkara ussatlaryň kadalaryny berjaý etmekden we şahsy reýtinglerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Şu gün dynç gününden soň ýygyndylar 7-nji tapgyryň duşuşyklaryny geçirýärler. Öňde ýene bäş tapgyr bar.
Olimpiadanyň ýapylyş dabarasy 27-nji sentýabrda geçiriler.
Türkmenistanyň ýygyndylarynyň netijelerini we partiýalaryny şu ýerde görüp bilersiňiz: chess-results.com (açyk ýaryş — https://chess-results.com/tnr1469895.aspx?lan=11, zenanlar ýaryşy — https://chess-results.com/tnr1469896.aspx?lan=11).