Turkmenportal logo
23.09.2026
94729472
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uşu boýunça türkmen türgenleri Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny medalsyz tamamladylar

Türkmenistanyň uşu boýunça ýygyndy topary Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşyny tamamlady. Türkmenistanyň bu sport görnüşindäki ähli bäş wekili hem öz ýaryşlaryny tamamladylar.

Türkmen türgenleriniň arasynda ilkinji bolup Bibimerýem Akmuhammedowa çykyş etdi. Ol 20-nji sentýabrda 52 kilograma çenli agram derejesinde (uşu-sanda) 1/8 finalda gazagystanly Aýan Tursyndan 0:2 hasabynda ýeňildi. Şol gün 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Muhammet Jumamyradow hem 1/8 finalda Taýwanyň türgeni Çžan Huanýiden 0:2 hasabynda asgyn geldi.

Hezret Öwezgeldiýew (65 kilograma çenli) 21-nji sentýabrda ýaryşa goşuldy. Ol 1/8 finalda eýranly Şoja Panahigelhekolaeiden 0:2 hasabynda ýeňildi. 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Merjen Joraýewanyň ýaryşy has üstünlikli boldy. Ol 1/8 finalda nepally Rita Takullany 2:0 hasabynda ýeňdi. Emma 22-nji sentýabrda geçirilen çärýek finalda wýetnamly Nguen Thi Thu Týuiden ýeňildi.

Şeýle hem 22-nji sentýabrda Baýrammyrat Annamyradow (60 kilograma çenli) Aziýa oýunlaryndaky çykyşyny tamamlady. Ol çärýek finalda indoneziýaly Gitar Bintang Reindra Nadadan ýeňildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary şu gezekki Aziýa oýunlarynyň uşu boýunça ýaryşlarynda medal gazanyp bilmedi.

XX tomusky Aziýa oýunlary 19-njy sentýabrdan 4-nji oktýabra çenli Nagoýa şäherinde geçirilýär. Oýunlara Aziýanyň 45 döwletinden we çäklerinden türgenler, şeýle hem bosgunlar topary gatnaşýar. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde jemi 57 adam bolup, olaryň 34-si sportuň sekiz görnüşi boýunça çykyş edýär.