Turkmenportal logo
23.09.2026
2521425214
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçta» ýatladýar: aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri öz wagtynda geçirmegi unutmaň

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýurduň ýaşaýjylaryna aragatnaşyk hyzmatlary üçin — öýjükli aragatnaşyk, internet, telewideniýe, şeýle hem «Belet», «Älem TV» we IP-telefoniýa üçin tölegleri öz wagtynda geçirmelidigini ýatladýar. Muny poçta bölümlerinde, şeýle hem öýden çykmazdan — «ÇaparPay» ykjam goşundysynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar.

«ÇaparPay» näme?

«ÇaparPay» — jemagat hojalygy töleglerinden we PÝGG-niň jerimelerinden başlap, awia we demir ýol peteklerine çenli gündelik hyzmatlaryň ähli görnüşlerini diýen ýaly bir ýerde jemleýän «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň hyzmatydyr. Ykjam goşundy «Google Play» we «App Store» platformalarynda ýüklemek üçin mugt elýeterlidir — gözleg meýdançasynda «ÇaparPay» diýip ýazmak ýeterlikdir.

Goşundynyň esasy mümkinçilikleri:

  • jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek;

  • PÝGG-niň jerimelerini barlamak we tölemek;

  • ýurt boýunça öý telefonlarynyň tölegini geçirmek;

  • öýjükli aragatnaşyk, internet we telewideniýe (Altyn Asyr, Älem TV), şeýle hem «Belet» we «Belet Music» hyzmatlarynyň töleglerini geçirmek;

  • «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň awiapeteklerini we demir ýol peteklerini satyn almak;

  • göni ykjam goşundynyň içinden «Altyn Asyr» USSD-haýyşnamasyny ugratmak — balansy barlamak, hasaby doldurmak, jaň sazyny gurnamak;

  • poçta ýollamalaryny yzarlamak we çapar çagyrnak;

  • «Ekitap», «Hiňlen» we «Aýdym.com» hyzmatlary üçin töleg geçirmek.

Ykjam goşundy ýurtda hereket edýän ähli bank kartlaryny goldaýar, şunuň bilen birlikde, kartlaryň maglumatlary goragly görnüşde saklanýar — bu bolsa her täze tölegde kart maglumatlaryny gaýtadan girizmek zerurlygyny aradan aýyrýar.

Näme üçin öz wagtynda tölemek möhüm?

Aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegini öz wagtynda geçirmek öýjükli aragatnaşygyň, internetiň we TV-bukjalaryň öçürilmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär. «ÇaparPay» arkaly muny poçta bölümlerinde nobatda durmazdan — islendik wagtda we islendik ýerde amala aşyryp bolýar.