Turkmenportal logo
22.09.2026
1165211652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Singapuryň ýolbaşçylaryndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty gelip gowuşdy

Singapur Respublikasynyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnamdan hem-de Premýer-ministri Lourens Wongdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk haty gelip gowuşdy. Hatda Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglar üçin hoşallyk bildirilýär. Şeýle hem Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adynda Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkyna bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edilýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hatda bellenilişi ýaly, geçen 30 ýylyň dowamynda Singapur Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda birek-birege hormat goýmaga we hoşniýetlilige esaslanýan gatnaşyklar ýola goýuldy. Nygtalyşy ýaly, Singapur halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýän dostlukly döwletara dialoga ýokary baha berýär.

Singapur Respublikasynyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnam hem-de Premýer-ministri Lourens Wong ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.