Seýitnazar Seýdi adyndaky Lebap welaýatynyň döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary ýakynda tomaşaçylara Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Tekepbir gyz» atly pýesasynyň esasynda režissýor Döwran Joraýew tarapyndan sahnalaşdyrylan «Oguz ýigidi» atly spektakly hödürledi. Pýesanyň wakalary «Gorkut ata» şadessanynyň sýužetleriniň birine esaslanýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, spektaklda maşgala gatnaşyklary, halk terbiýesiniň asylly ýörelgeleri we däp-dessurlary, şeýle-de türkmen zenanlarynyň ahlak sypatlary açylyp görkezilýär. Spektaklyň baş gahrymany — özdiýenli häsiýeti bilen tanalýan Tulpar atly gyz. Ol oguz ýigidiniň we ýigidiň öýündäki uly gelniň täsiri bilen özgerip, maşgalasyny söýýän, zähmetsöýer, yhlasly, sylag-hormata mynasyp hem-de mylaýym gelne öwrülýär.

Tulparyň keşbini sahnada Gülälek Jumaýewa janlandyrdy. Ol gahrymanyň ýeser häsiýetini, uýalaryna we töweregindäkilere bolan gödegräk garaýşyny ussatlyk bilen açyp görkezdi. Spektakla Türkmenistanyň at gazanan artistleri Babageldi Rejepow we Akjagül Suhanowa hem gatnaşdylar. Olar Garçar begiň we onuň ejesiniň keşplerini janlandyrdylar. Türkmenistanyň halk artisti Nurýagdy Döwletow Tulparyň söýgülisi Helebaýyň keşbinde çykyş etdi. Taýaly Allaberdiýew bilen Babamyrat Aşyrow bolsa Çerrik we Gulýam ýaly şowhunly, gülküli keşpleri ýerine ýetirdiler.
Spektaklyň döredilmegine Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, sahna bezegçisi Myrat Haýtyýew, yşyklandyryş boýunça suratkeş Wepa Sadykow we kompozitor Eziz Akyýew hem öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Eziz Akyýewiň döreden sazy spektaklyň mazmunyny has-da täsirli açyp görkezdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan teatrlaryň arasynda ýakynda geçirilen bäsleşikde bu sahna eseri emin agzalary tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Režissýor Döwran Joraýew «Režissýorlykdaky täze gözlegleri üçin» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy. Helebaýyň keşbini ýerine ýetiren Nurýagdy Döwletow bolsa «Iň gowy erkek keşbi» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.