Şu gün Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda we Nagoya şäherinde yklymyň iň iri sport çäresi bolan XX tomusky Aziýa oýunlaryna resmi taýdan badalga berilýär. Oýunlaryň açylyş dabarasy «Nagoya City Mizuho Park Athletic Stadium» stadionynda geçiriler.
Ýaryşlar 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabry aralygynda geçiriler. Aýti prefekturasy we Nagoya şäheri bilen bir hatarda, ýaryşlaryň käbir görnüşleri Tokio we Osaka şäherlerinde, şeýle-de Sizuoka we Gifu prefekturalarynda geçiriler.
Oýunlaryň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda üç günüň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň milli wekiliýetlerini resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda döwlet baýdaklary galdyrylyp, döwlet senalary ýerine ýetirildi. Dabaranyň jemleýji gününde Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Şri-Lankanyň, Liwanyň, Taýlandyň, Gazagystanyň we Filippinleriň wekiliýetleriniň döwlet baýdaklary galdyryldy.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Aziýa oýunlaryna 34 türgen gatnaşar. Olar ýaryşlaryň maksatnamasyna girizilen 43 sport görnüşiniň 8-si boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Türkmen türgenleri sportuň göreş (erkin we grek-rim görnüşleri), uşu, boks, suwda ýüzmek, agyr atletika, kuraş, ýeňil atletika we karate-dogörnüşlerinde çykyş ederler.