Turkmenportal logo
Şu gün 10:28
47064706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ykdysady innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi

Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Türkmenistan DÖM-niň aýry-aýry görkezijilerine ýetmek boýunça ýokary netijeleri gazandy we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň netijelerini ýeňilleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ykdysady syýasatyň durmuş ulgamyna gönükdirilen, raýatlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagy we döwletiň gülläp ösmegini göz öňünde tutýan ugruny çuňlaşdyrmak boýunça çäreleri geçirmegi işjeň dowam etdirýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, gurluşyga, ulag ulgamyna, maglumat tehnologiýalaryna, telekommunikasiýalara aýratyn üns bermek bilen, täze taslamalary durmuşa geçirmek ykdysady syýasatyň strategik ugry bolup durýar.

Ylmy-amaly maslahatdaky çykyşlarda milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde amala aşyrylýan maliýe özgertmeleriniň bank ulgamynyň berk binýadyny döretmäge, ýurtda ykdysady durnuklylygy berkitmek arkaly türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge uly ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy. 

Ylmy-amaly maslahatda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde blokçeýn, maliýe tehnologiýalary, bulutlaýyn hasaplamalar we zatlaryň interneti (IoT) ýaly innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurrda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda ykdysadyýetde täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş usullary peýda bolýar.