Turkmenportal logo
Düýn 23:27
96959695
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdüriler

Türkmenistan intellektual eýeçilik babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi. 

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň innowasion-ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň milli hukuk binýadyny halkara standartlaryna kämilleşdirmek hem-de awtorlyk hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda döwlet Baştutanynyň tassyklan «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamynyň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» esasy resminama bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek we ony ýurtda ulanmak, milli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem intellektual eýeçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny, hususan-da Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy, Ýewraziýa patent guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipler beýan edildi.  

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara konwensiýalara we ylalaşyklara goşulyp, bu ugurda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylyk-da, döwlet Baştutany Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taýýarlanylan teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.