Turkmenportal logo
Düýn 18:17
58765876
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ahalteke tohumynyň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrýar

Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň möhüm bölegidir. Bu tohum häzirki Türkmenistanyň çäginde kemala gelip, dünýäniň iň gadymy at tohumlarynyň biri hasaplanýar — diýip, «Westiabad» habarlar agentligi habar berýär.

Ahalteke tohumynyň häzirki döwürde ösdürilmegi we halkara derejesinde wagyz edilmegi babatda möhüm wakalaryň biri 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda geçirilen atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi boldy. Çäreleriň işine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Dünýä çempionaty sport, ylmy we medeni çäreleri özünde jemlän giň gerimli maksatnamanyň merkezi wakasyna öwrüldi. Maksatnamanyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, halkara ylmy-amaly maslahat, «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyň niderland dilindäki tanyşdyrylyşy hem-de türkmen medeniýetine we atçylyk däplerine bagyşlanan sergi geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Ahal-teke bedewleriniň arasynda dünýä çempiony» ugry boýunça baş baýrak — «Gran-pri» gowşuryldy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleri boýunça dünýä çempionatyny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu başlangyç mejlise gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy. Şeýle hem ahalteke bedewleriniň halkara atly sport ýaryşlaryna gatnaşygyny giňeltmek, weterinariýa we ylmy barlaglary ösdürmek, tohumyň genetiki goruny gorap saklamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahalteke bedewleriniň halkara gaznasyny döretmek baradaky teklip hem öňe sürüldi.

Dünýä çempionatynyň çäklerinde 20-den gowrak ýurtdan atçylyk boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahatda atlary seçip köpeltmek, genetika, weterinariýa we tohumyň taryhy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýatladyp geçsek, 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda «Ahal-teke atçylygynyň sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bellenilişi ýaly, dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde Niderlandlaryň saýlanmagy tötänden däldir. Kronenberg Ýewropada atly sportuň meşhur merkezleriniň biri bolup durýar. Bu ýurda sapar ahalteke tohumyny halkara derejesinde ösdürmek boýunça has giň gerimli işleriň bir bölegine öwrüldi. 2026-njy ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-daky «La Victoria» atly sport toplumyna hem baryp gördi we Germaniýada geçiriljek halkara atçylyk çärelerine taýýarlyk boýunça iş maslahatyny geçirdi.

12-nji sentýabrda Arkadag şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde ahalteke bedewiniň ýurduň taryhyndaky we medeniýetindäki ornuna bagyşlanan ýokary derejeli maslahat geçirildi. Oňa hökümetiň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.

Ýewropanyň ahalteke atçylygy assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden Milli Lideriň adyna hat ýollap, Niderlandlarda geçirilen çäräniň ahalteke tohumyny giňden wagyz etmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýetini belledi.