Turkmenportal logo
18.09.2026
1590415904
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DIM: Türkmenistan BSG-ä agza bolmak baradaky gepleşiklerde ep-esli öňegidişlik gazandy

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak boýunça işleri işjeňleşdirdi: gepleşikler üçin institusional gurluş emele getirildi, esasy gepleşikleriň resminamalary taýýarlandy, türkmen tarapynyň alyp barýan işi bolsa Halkara Pul Gaznasy (HPG) tarapyndan oňyn baha aldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklar bölüminiň başlygy Atageldi Haljanow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ýurduň ileri tutýan ugurlaryna we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine bagyşlanan brifingde gürrüň berdi.

«Hakyky ýagdaý şeýle: synçy tapgyry geçildi, gepleşikler üçin institusional gurluş emele getirildi, esasy gepleşik resminamasy taýýarlanyldy we bu işe daşarky hünärmenler tarapyndan oňyn baha berildi» diýip, A.Haljanow belledi.

Diplomatyň sözlerine görä, Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-niň ýanynda synçy derejesini aldy, emma hut 2026-njy ýyl gepleşikler tapgyrynyň ep-esli işjeňleşen döwri boldy. Maý aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BSG-ä goşulmak baradaky departamentiniň müdiri Maýka Oşikawa bilen gepleşikleri geçirdi. Olaryň netijeleri boýunça türkmen tarapy Milli gepleşikler toparyny emele getirmegi we Türkmenistan boýunça BSG-niň iş toparynyň başlyklyk edýän döwletini kesgitlemegi teklip etdi.

A.Haljanowyň bellemegine görä, ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde degişli bölüm açyldy hem-de BSG-ä agza döwletleriň goşulýan döwlete berýän sowallarynyň binýadyny düzýän «Türkmenistanyň daşary söwda düzgünleri baradaky Ähtnama» resminamasyny taýýarlamak boýunça iş topary döredildi.

Ol 2026-njy ýylyň iýun aýynda HPG-niň wekilleriniň Aşgabatda geçirilen maslahatlaşmalaryň dowamynda BSG-ä girmek baradaky gepleşikler toplumynyň iň köp zähmeti talap edýän bölümleriniň biri bolan kanunçylygy sazlaşdyrmak we statistik ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça türkmen tarapynyň alyp barýan işine oňyn baha berendiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.

BSG-ä goşulmak boýunça alnyp barylýan işlerden başga-da, Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy saklaýar, şeýle hem HPG, Bütindünýä banky, ÝTÖB, Aziýa ösüş banky we Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Işleriň aýratyn ugry hökmünde Hazarüsti ugry, «Demirgazyk – Günorta» geçelgesi we «Lapis Lazuli» geçelgesi ýaly halkara ulag geçelgelerini durmuşa geçirmek bolup durýar.