Turkmenportal logo
Şu gün 10:30
25332533
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uzyn guýrukly siňekçi — Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guş

Türkmenistanda dürli guşlaryň 410 görnüşi duş gelýär. Olaryň 39 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlardyr. Şeýle seýrek duş gelýän göçüp-gonýan guşlaryň biri hem Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň derýa jülgelerinde ýaşaýan uzyn guýrukly ýa-da jennet siňekçisidir. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Uzyn guýrukly siňekçi Türkmenistana maý aýynda uçup gelýär we sentýabr aýynyň ortalaryna çenli ýurdumyzda bolýar.

Bu guş diňe Köýtendag goraghanasynda ýaşaýan hem bolsa, käbir ýagdaýlarda onuň göçüş ugruny üýtgedip, garaşylmadyk ýerlerde hem duş gelýändigi bellenildi.

Şu ýylyň 18-nji awgustynda uzyn guýrukly siňekçi Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň golaýynda, gür ösümlikleriň arasynda ýerleşýän guýynyň ýanynda hasaba alyndy. Bar bolan maglumatlara görä, bu guş 1961-nji we 1964-nji ýyllaryň maý aýynda hem şu ýerde görlüpdir. Ýarym asyrdan gowrak wagt geçenden soň uzyn guýrukly siňekçiniň bu sebitde gaýtadan peýda bolmagy onuň mundan beýläk-de gözegçilik astynda saklanmagyny we has içgin öwrenilmegini talap edýär.

Çeşmede bellenilişi ýaly, uzyn guýrukly siňekçiniň täze ýaýraýyş ýerlerini öwrenmek we olary goramak tebigy şertlerde bu guşuň sanynyň artmagyna ýardam eder.