Turkmenportal logo
Düýn 23:09
13661366
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Döwlet Baştutany döwlet saparynyň şu günki maksatnamasyna laýyklykda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine hem-de Merkezi Aziýa — Koreýa» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite sessiýasyna gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, sammitler tamamlanandan soňra, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline bardy we bu ýerden Türkmenistana ugrady.