Turkmenportal logo
Düýn 22:58
14231423
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite sessiýasy geçirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy. Şeýle hem sammit tamamlanandan soňra, «Merkezi Aziýa — Koreýa» görnüşindäki işewürler sammitiniň ýörite sessiýasy geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti işewürler sammitiniň ýörite sessiýasyny açyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýany taryhyň jümmüşine uzap gidýän gadymy gatnaşyklaryň baglanyşdyryp gelýändigini we häzirki wagtda Koreýanyň bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisde çykyş etmek bilen işewürlik jemgyýetçiliginiň möhüm ornuny belläp, öz zähmeti we zehini bilen ýokary netijeleri gazanan jogapkärli hem-de üstünlikli telekeçileriň diňe bir ösüşe goşant goşman, eýsem Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygynyň täze taslamalaryny we görnüşlerini öňe sürmäge, möhüm kararlary kabul etmekde amaly hem-de usuly goldaw berjekdiklerine ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti işewürlik sammitine gatnaşyjylara netijeli işleri, gepleşikleriň üstünlikli geçmegini hem-de hyzmatdaşlygy we özara bähbitli ösüşi pugtalandyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.