Turkmenportal logo
Düýn 22:22
16641664
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
Surat: yonhap.news

Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Koreýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti öz işine başlady.

Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, ençeme möhüm garaýyşlarydyr teklipleri öňe sürdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan şäher ösüşini we infrastrukturasyny täze talaplara we meýillere laýyk gelýän häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi bu formatyň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «akylly» şäherleriň diplomatiýasy salgylanmak bolar. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi, tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy, umuman urbanistikanyň we şäher gurluşygynyň integrirlenen we netijeli nusgalaryny döretmegi göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, ylym-bilim, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk möhüm ugurlar bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi. Şeýle hem sammitiň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary Koreýa Respublikasynyň tehnologiýalaryny çekmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek, tebigy serişdeleriň ýataklaryny bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak, ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň ýurtlaryny dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan. Logistik ugurlaryny ösdürmek, emeli aň ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Sammitiň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul edildi.