Turkmenportal logo
Düýn 12:30
67346734
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÖB Türkmenistan bilen bilelikde 6,1 milliard amerikan dollarlyk taslamalary durmuşa geçirýär
Surat: report.az

Ýewraziýa ulag ulgamynyň düzüminde 2035-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen 402 taslamanyň üstünde iş alnyp barylýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky taslamalar hem aýratyn orun eýeleýär.

«Report» agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Ýewraziýa ösüş bankynyň (ÝÖB) Integrasiýa barlaglary merkeziniň ýolbaşçysy Aleksandr Zaboýew «Ýewraziýada ulag geçelgeleriniň infrastrukturasy: ösüşiň netijeleri we esasy maýa goýum ugurlary» atly tanyşdyryş çäresinde mälim etdi.

«Häzirki wagtda 300-e golaý taslama işjeň tapgyrda durýar. Olar ýa gurluşyk tapgyry, ýa-da taslama resminamalaryny işläp düzmek tapgyry bolup durýar. Ýene 100-e golaý taslama bolsa entek meýilleşdiriş tapgyrynda galýar, ýagny hökümet derejesinde seredilýär. Emma bu taslamalar barada eýýäm resmi taýdan yglan edildi we häzirki wagtda olary işjeň tapgyra — taýýarlyk hem-de gurluşyk işlerine başlamak tapgyryna geçirmek üçin maýadarlary çekmek işleri alnyp barylýar» diýip, A.Zaboýew belledi.

Ol amala aşyrylýan we meýilleşdirilýän taslamalara gönükdirilýän maýa goýumlarynyň umumy göwrüminiň 345 milliard amerikan dollary möçberinde bahalandyrylýandygyny nygtady. Şonuň 6,1 milliard amerikan dollary Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Maýa goýumlaryň beýleki döwletler boýunça paýlanyşy şeýle görnüşe eýedir: Russiýa — 225,2 milliard amerikan dollary, Gazagystan — 32,5 milliard amerikan dollary, Özbegistan — 17 milliard amerikan dollary, Eýran — 13,6 milliard amerikan dollary, Owganystan — 12,5 milliard amerikan dollary, Gyrgyzystan — 10,8 milliard amerikan dollary, Mongoliýa — 8,5 milliard amerikan dollary, Ermenistan — 5,2 milliard amerikan dollary, Gruziýa — 4,1 milliard amerikan dollary, Azerbaýjan — 3,4 milliard amerikan dollary, Täjigistan — 1,7 milliard amerikan dollary, Belarus Respublikasy — 0,4 milliard amerikan dollary.