Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Li Çže Mýonyň ýokary derejedäki gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça garaýyşlaryny beýan etdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzyň bazaryndaky işine ýokary baha berýär. Olaryň gatnaşmagynda strategik taýdan möhüm birnäçe taslama durmuşa geçirildi we bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.
Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň esasy bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar we ýeňil awtoulaglar düzýär. Şunuň bilen birlikde, gämi gurluşygy pudagynda hem koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle-de dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda maýa goýumlary, söwda, energetika, senagat, himiýa pudagy, demir ýol ulaglary, emeli aň, ylym we tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, ulag ulgamynda bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyz Koreýa Respublikasyna Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde örän wajyp hyzmatdaş hökmünde garaýar. Häzirki döwürde Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde üstaşyr ulag, logistika üpjünçilik ulgamlarynyň köpşahaly ugruny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň koreý kompaniýalarynyň bu taslamalara gatnaşmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Türkmenistan ynsanperwer ulgamda-da ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berýär. Iki ýurtda hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreleri geçirmegiň uly tejribesi toplandy. Özara Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, ýurdumyzyň giň gerimli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini mälim etdi.
Ylym-bilim ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ylmy işler, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.