Turkmenportal logo
Düýn 11:58
68156815
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pensionerler elektron ýarag diýip, ýolyşyklara hüjüm etdiler
Surat: mir24.tv

Beýik Britaniýada iki sany gartaşan adam «elektron basyp alyjy ýarag ornaşdyrylan» diýen şübhe bilen köçedäki ýolyşyga hüjüm etdi. Geň wakanyň wideoýazgysy dessine sosial torda ýaýrady.

Waka Dewonda boldy. Wideogörnüşlerde zenanyň ýolyşygy birleşdiriji enjamyň simini gural bilen kesýändigi görünýär. Erkek kişi bolsa, ýanynda synlap dur. Wideo 120 müňden gowrak adam tomaşa etdi.

Ýerli polisiýa düzgüni bozujylary saklady. Olaryň maglumatyna görä, 60 ýaşly zenan we 70 ýaşly erkek kişi şäher emlägine birnäçe müň funt zyýan ýetiripdir. Biraz soňra olary girew bilen goýberdiler.

Wakany sosial torda ýaýran ýolyşyklaryň saglyk üçin howpludygy barada habar bilen baglanyşdyrýarlar. Göýä, ýolyşyklarda adamlarda saglyk bilen bagly birgiden meselelere, mysal üçin, ýürek sökelliklerine, beýni düwnügine, howsalalyga, hatda duýdansyz ölüme eltýän datçikler oturdylanmyşyn.

Beýik Britaniýada soňky günlerde adamlaryň bilkastlaýyn ýolyşyklary zaýalaýan ýagdaýlary hasaba alyndy. Kähalatda şeýle wideorolikleri sosial torlarda maksatly çap etdiler diýip, «Devon Live» habar berýär.