Turkmenportal logo
Düýn 11:47
53555355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz çörek kärhanasynda 4,6 million manada golaý önüm öndürildi

Daşoguz çörek kärhanasynda 2026-njy ýylyň sekiz aýynda 2 müň 524 tonna çörek we çörek önümleri öndürildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe kärhanada dürli görnüşli köke önümleriniň hem 2 tonna golaýy taýýarlanyldy. Sentýabr aýyna çenli gazanylan umumy girdeji bolsa 4 million 667 müň 800 manada deň boldy.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda baýry önümçilik düzümleriniň biri bolan Daşoguz çörek kärhanasynda çörek we çörek önümleri gyzgyny bilen alyjylara ýetirilýär.