Turkmenportal logo
Düýn 11:39
52895289
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Gamyşlyjanebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi boýunça 461,3 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

2026-njy ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi boýunça guýulardan 461,3 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çägindäki Ekerem, Gamyşlyja, Şatut we Altyguýy baýlyklar känlerinde iş alyp barýan müdirligiň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri hereket edýän guýulardan meýilnamada bellenilen 421,1 müň tonna derek, 461,3 müň tonnadan gowrak «gara altyn» çykarmagyň hötdesinden geldiler.

Göz öňünde tutulan meýilnamany 109,5 göterim ýerine ýetiren kärhananyň «gara altyn» ussatlary şu günler burawlaýjylardan kabul edip alnan täze nebitli guýularyň ikisini senagat taýdan özleşdirmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.