Turkmenportal logo
Düýn 11:29
74337433
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Ýerewanda geçirilen ulag ulgamy boýunça halkara maslahata gatnaşdylar

14-15-nji sentýabr aralygynda Ýerewanda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlykda «Sebitara we sebitiçi aragatnaşygy berkitmek üçin durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge ýardam bermek» temasy boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak barada iki günlük okuw maslahaty geçirildi.Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, okuw maslahatyna agza döwletleriň hökümetleriniň wekilleri, şeýle hem ulag operatorlary, hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda durnukly ulag geçelgelerini ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, ulag geçelgelerini ösdürmekde ýüze çykýan umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ulag ulgamynyň netijeliligini, durnuklylygyny hem-de ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmagyň amaly çemeleşmelerine garaldy.